Final oýunlary üstünlikli geçirildi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde guraýan “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly Uniwersiadanyň oýunlaryny ýylyň-ýylyna geçirmeklik ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.

13-nji ýanwarda XIII Uniwersiadanyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler minitrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça final oýunlary geçirildi.     

Oýunlaryň her biri çekeleşikli pursatlara baý bolup, täsirliligi bilen ýatda galyjy boldy. 3-nji ýeri eýelemek ugrundaky ýaryşda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty özara ýaryşdylar. Oýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 3:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 3-nji ýere mynasyp boldy.    

Ýaryşyň jemleýji oýnunda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň zenan professor-mugallymlaryndan düzülen toparlar täsirli duşuşyk geçirip, ýaryşa ýokary derejede taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Oýnuň aýgytlaýjy pursatlarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 3:2 hasabynda ýaryşyň ýeňijisi bolmagy başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bolsa baýrakly ikinji orny eýeledi.  

Gyzykly geçen final oýunlarynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar degişli derejeli diplomlar we gymmat bahaly ýadygäärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.   

Ýurdumyzda şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi diňe bir ýaşlar babatynda däl-de, eýsem uly ýaşly, dürli pudaklarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň sagdyn ýaşamagy ugrunda edilýän aladalaryň bimöçberdigini aýdyň görkezýär.  

Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok