Täze ýyl — maşgala baýramy

Ýyllaryň ýyllara gol bermegi bilen aýlar aýlanýar, döwürler dolanýar, ömürler uzaýar. Täze ýyl ynsan durmuşynda täze bir sahypany açýar, bagtyýar döwrümiziň täze taryhyny ýazýar. Şeýdibem, röwşen geljegiň täze ýoluna, belent maksatlaryna gadam basylýar. Ynsan üçin her baýramyň özboluşly täsiri we ýakymy bar, ýatlamasy bar. Şolaryň içinde bütin dünýäde bellenilýän Täze ýyl baýramy has-da tapawutlanýar.

Täze ýyl — maşgala baýramy. Her bir ynsan maşgalasy bilen bir supranyň başynda jem bolup, köňlünde ýagşy arzuw-umytlar besläp, täze ýyly garşy alýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda bu ajaýyp baýramy naz-nygmatlardan doly saçaklarymyzyň başynda gowy garşylamak üçin ýurdumyzda ähli tagallalar edilýär.

Bol harytly, elýeter bahaly bazarlar ýurdumyzyň abadançylygynyň, raýatlarymyzyň bagtyýarlygynyň alamatydyr. Täze ýyl baýramynyň barha ýakynlaýan günlerinde paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlarymyzdaky söwda merkezlerinde we bazarlarda ilat üçin guralýan dürli önümleriň söwdalary, medeni çäreler halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda haryt köpdürlüligini, bahalaryň elýeterliligini gazanmak babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

Ýene-de sanlyja günden Täze ýyl baýramçylygy her bir ojakda mähir-muhabbet, şatlyk-şowhun döreder. Ýetip gelýän 2024-nji — Täze ýyl mähriban halkymyz üçin rysgal-bereketli, päk arzuwlaryň hasyl bolýan ýyly bolsun!

Aýjahan HASANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok