Türkmen zenanlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda kämil ösüşlere, dünýä nusgalyk özgerişlere eýe bolunýar. Ýurdumyzda jemgyýetde zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär, zenan mertebesi belentde sarpalanýar. Häzirki wagtda türkmen zenanlary döwlet edaralarynyň ähli düzümlerinde yhlasly zähmet çekmek bilen, ata ýurdumyzy iň bir ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde mynasyp orny eýeleýärler. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda döwletimizde Zenanlar birleşigi hereket etmek bilen, ol ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biridir. Onuň düzüminde ösüşli zamanamyzyň belent başlangyçlaryna mynasyp goşant goşýan, alnyp barylýan jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan zenanlaryň, gelin-gyzlaryň ençemesini bir ýere jemleýär.

Berkarar Watanymyzda döwletimiz tarapyndan mährem zenanlarymyza, gelin-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň amatly, abadan durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin zerur bolan mümkinçilikleriň ählisi döredilýär. Ata Watanymyzda gender deňligi kanunçylyk esasynda üpjün edilendir. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda olaryň azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün etmek, eneligi, çagalygy goramak boýunça toplumlaýyn işler amal edilýär, bu hem halkara jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy noýabrynda Merkezi Aziýada geçirilen sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler derejesindäki 22-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini ösdürmek boýunça alyp barýan işleri üçin Aziýa ösüş bankynyň “CAREC” maksatnamasynyň medalynyň we degişli güwänamasynyň gowşurylmagy diýseň guwandyryjy wakadyr. Has takygy, Gruziýanyň paýtagty Tbiliside guralan zenanlaryň işewürlik maslahatynda gender deňligini hem-de jemgyýetde deňhukuklylygy ilerletmek boýunça ýokary netijeleri görkezen ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine dabaraly ýagdaýda ýeňijiniň baýragy gowşuryldy. Bu möhüm ähmiýetli waka Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtdan paýly türkmen zenanlary üçin ýatdan çykmajak waka hökmünde hakydalarda müdimilik orun alar. Munuň özi bolsa, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetde gender deňligini üpjün etmek we mundan beýläk-de berkarar edilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok