Sanly bilim ulgamy netijeli ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatymyzyň döwrebap hem abadan ýaşaýyşyny üpjün etmek, ylym-bilimiň pajarlap ösmegini gazanmak we bu ugruň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi babatda degişli çäreleri ýola goýmak işleri öňe sürülýär. Hormatly Prezidentimiz ähli pudaklarda sanly ulgama geçmekligiň möhüm wezipedigini yzygiderli nygtamak bilen, elektron görnüşli hyzmatlardan netijeli peýdalanmaklyga ünsi çekýär. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär, ýurdumyzda kabul edilen 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ylym-bilim ulgamynda netijeli işler alnyp barylýar. Bilim edaralaryna kämil tehnologiýalar, kompýuter enjamlary, multimediýa serişdeleri giňden ornaşdyrylýar we ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün edilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda bu ulgamyň işini döwrebap derejede guramak ýaş nesle ylym-bilim bermekde dünýä tejribesine daýanmaklyga ýol açýar, ony milli ýörelgelerimiz bilen utgaşykly alyp barmaklyga esas döredýär. Netijede bolsa, ýaşlara berilýän bilimiň hili has-da çuňlaşdyrylýar. Sanly bilimi ösdürmekde ilkinji nobatda ýaşlaryň häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak möhüm şert bolup çykyş edýär. Eziz diýarymyzyň bilim merkezlerinde bu ugur boýunça degişli okuwlar hem üstünlikli gurnalýar. Çünki ýurdumyzda ýaş nesliň ylmy, döredijilik mümkinçiliklerini açmaklaryna uly üns gönükdirilýär. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidilýär, ösen innowasiýa babatyndaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi içgin öwrenilýär. Bu bolsa kämil hem-de hil taýdan ösen ykdysady ösüşi gazanmaga itergi berýär, netijeli sepgitlere ýol açýar. Sanly bilim ulgamynda öňe sürülýän oňyn özgertmeler ylmy-tehniki ösüşiň ilerlemegine, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejedäki hünärmenleri taýýarlamaklyga şert döredýär. Bu durmuşa ornaşdyrylýan köptaraplaýyn ähmiýetli mümkinçilikler bolsa biz ýaşlara yhlasly okamaklyga, döretmeklige ruhlandyrýar, mähriban halkymyzy bagtyýarlyga, berkarar döwrümizi rowaçly mezillere ýetiren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşymyzy artdyrýar!

Begmyrat GELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
III ýyl talyby, Kärdeşler arkalaşygynyň
talyp hakynyň eýesi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok