Madagaskar aý aýysy

Madagaskar aý-aýysy gara-goňur sütükli süýdemdiriji, uzyn guýrugy we gaty uzyn barmaklary bolan Daubentonia maşgalasynyň ýeke-täk döwrebap görnüşidir. Madagaskaryň tropiki tokaýlarynda gijelerine işjeň bolýarlar. Olar gijeki primatlaryň iň uly wekili. Onuň ak ýa-da goňur reňkli uly guýrugy bar. Olar Madagaskaryň demirgazygynda ýaşap, sanlyja görnüşleri saklanyp galypdyr. Olar hem Gyzyl kitaba girizilendir. Bu görnüş 1780-nji ýylda Madagaskaryň günbatar kenarynda işleýän gözegçi Pýer Sonnera tarapyndan tapyldy. Bu haýwanyň dişleriniň üýtgeşik gurluşynyň barlygy sebäpli, aý-aýyň ýagdaýy barada yzygiderli uzak çekeleşikler bolupdyr. Bu jandaryň agramy takmynan 3 kg-a ,uzynlygy bolsa 36-44 sm-e ýetýär. Onuň bedeni inçe we gatydyr, reňki goýy goňur ýa-da gara saçly, galyň tüý gatlagy bilen örtülen. Guýrugynyň uzynlygy 60 sm-e ýetýär, ýüzi gysgaldylan uly tegelek kellesi, uly gözleri we ullakan saçsyz gulaklary bilen bezelen. Olaryň dişleri gemrijileriň dişlerine meňzeşdir. Öň aýaklary arka aýaklaryndan has gysga, barmaklar gaty uzyn we birneme egilen dyrnaklary bar, orta barmagyň soňky iki bogunlary uzyn. Ol bu barmagyny garynjalary we beýleki mör-möjekleri tutmak we bokurdaga iteklemek üçin ulanýar. Beýleki primatlar ýaly aýagyndaky uly barmak beýleki dört barmaga garşy, ýöne ellerde beýle garşylyk ýok diýen ýaly.

Uzak wagtlap aý-aýlaryň ýeke-täk durmuş ýörelgesine we diňe iýmit gözleýändigine ynanýardylar. Emma tebigatda bu lemurlaryň durmuşyny öwrenen gözegçi Elinor Sterling käbir haýwanlaryň iýmit gözlemek üçin jübüt hereket edýändigini anyklady. Mundan başga-da, olaryň biri indiki agaja geçmek islese , ýoldaşyny kömege çagyryp, hökman belli bir ses çykarýarlar.

Suraý PUREŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok