Hemişelik Bitaraplygymyzyň toýy gutly bolsun!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar, sebitde parahatçylygyň, dost-doganlygyň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, ençeme halkara guramalarynyň işjeň agzasy bolup çykyş edýär. Hemişelik Bitaraplyk derejämiz tutuş dünýä ýüzünde giňden dabaralanýanmak bilen netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda möhüm sütün bolup durýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi guwandyryjydyr. Şeýle-de ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasaty bu gün dünýä ýüzünde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň beýany bolup äleme dolýar. Döwletimiziň hoşniýetli Bitaraplyk taglymaty raýatlaryň erkinliginiň, azatlygynyň, hukuklarynyň kanun esasynda berkidilmegine, Watanymyzyň asudalygyna, jemgyýetiň jebisligine, halkymyzyň jebisligine, milli ykdysady ösüşiň has-da öňe ilerlemegine esaslanýar.

Geçmiş taryhymyzdan hem belli bolşy, merdana ata-babalarymyz goňşy ýurtlar, halklar bilen agzybir, parahatçylykly gatnaşykda ýaşamaga çalşypdyrlar. Çünki türkmen Bitaraplygy öz gözbaşyny parasatly Oguz han atamyzyň döwründen alyp gaýdýar. Şu günlerde ýurdumyzda uludan toýlanylýan Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýy eziz Watanymyzyň taryhynda örän möhüm senedir. Bitaraplyk – ata Watanymyzyň beýik geljeginiň binýadydyr, merdana halkymyza ruhy güýç berýän gymmatlykdyr, döwletimiziň okgunly ösüşiniň özeni bolan mizemez sütündir.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýy bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, Hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiz mundan beýläk-de dünýä nusgalyk bolsun, ata Watanymyza rowaçlyklar ýar bolsun, halkymyz abadan bolsun!

Aýjeren MUHADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok