Türkmenistanly dzýudoçy halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agammämmedow Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “Grand Slam” ýaryşynda bürünç medal gazandy. Bu halkara ýaryşa 84 döwletden ýüzlerçe türgen gatnaşdy. Türkmen türgeni 66 kilogram agramda çykyş edip, bürünç medal gazandy.

Türkmenistanly türgen baýrakly orun gazanmak üçin ABŞ-nyň, Azerbaýjanyp, Moldowanyň türgenlerinden üstün çykdy. Fransuz türgeni Bubu Daikiden ýeňlen Hekim Agamämmedow brazil we mongol türgenlerinden üstün çykdy.

– Türkmen türgeni hakykatdan hem Tokioda üstünlikli çykyş edip, “Grand Slam” ýaryşynda ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Türkmenistan “IJF World Tour” ýaryşynda özüniň ilkinji medalyny gazandy – diýip, Halkara Dzýudo federasiýasynyň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy 4-15-nji dekabrda Tokioda halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Sport wekiliýeti 8 türgenden we 2 tälimçiden ybarat.

Kerim DAŇATAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok