Bişkekde Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan filosof-şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklaryndaky ähmiýeti” atly halkara ylmy maslahat guraldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri, Gyrgyz Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, uniwersitetiň rektorlygy we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkek şäheriniň Milli taryh muzeýine baryp gördi, şeýle hem Manas uniwersitetiniň ýolbaşçylygy we Gyrgyz Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň müdiri bilen duşuşdy.

Sona MEREDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok