Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda döredijilik sergisi açyldy

Anna güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary” atly uçurymlaryň we talyplaryň arasynda bäsleşik görnüşindäki döredijilik sergisi açyldy. Islendik tomaşaçylarda täsirli pikirleri oýaran we bu sergi 12 gün dowam eder. Serginiň esasy düzüminde şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, grafika, dizaýn, binagärlik, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatyna degişli bolan halyçylyk gobelen, zergärçilik, külalçylyk önümlerini görkezdiler. Sungaty öwreniş kafedrasynyň talyplary türkmen sungatyna bagyşlanan kitaplarda, albomlarda we kataloglarda häzirki zaman suratkeşleriň döredijilik ýoluny, ýurdumyzda geçirilen baýramçylyk sergileri, Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi bilen baglanyşykly maglumatlary we fotosuratlary jemlediler.

Ekspozisiýada amaly-haşam sungatynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýän Altynjemal Rejepnurowanyň “Görüşeli Meňli hanym”, Maýa Mommadowanyň “Hakdan bize buýruk, baglydyr bilim, senden telim aldy açyldy dilim”, Aýnagözel Öwelekowanyň “Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummany”, Agabek Ibragimowyň “Milli miras”, Aýjemal Çaryýewanyň “Gözel sen” atly milli şaý-sepleri we sowgatlyk önümleri görkezildi. Gelin-gyzlar üçin niýetlenilen gülýaka, tumar, bukaw, bilezik, ýüzük ýaly zenan şaý-sepleri milli äheňli görnüşinde ýasalyp, olaryň tematikasynda dutaryň, gyz-gelinleriň keşplerini, binagärlik äheňli köşgi, ak öýleriň sudurlaryny görmek bolýar. Sowgatlyk hökmünde ýerine ýetirilen sagatlaryň, surat üçin niýetlenilen çarçuwalaryň, golýazmalar üçin syýadyr, kagyzlary salyp goýmaklyk üçin gapjagazlaryň, sagatlaryň dürli görnüşleri “islimi”, “nerrek”, “ýylanyzy”, “goçak” ýaly birnäçe nagyşlar bilen haşamlamagy başarypdyrlar. Bu sowgatlyk önümleri bilen birlikde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini zergärçilik sungatynda hem şekillendirmegi başarypdyrlar.

Zergärçilik sungaty özüniň köp görnüşliligi, şekilleriniň nusgawylygy, dürli-dürli nagyşlara baýlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Türkmen şaý-sepleri häzirki wagta çenli bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň içinde öz şöhratyny saklap gelýär.

Türkmen zergärçilik sungatynyň baý taryhy bar. Türkmen halkynyň gadymyýetinden gelýän mirasy bolan zergärçilik sungaty şaý-sepleri, söweş eşikleri we bezegleri, metaldan ýasalan gap-gaçlaryň hem-de kiçi göwrümli önümleri öz içine alýar. Umuman alanymyzda, gymmat bahaly metallary bolan altyn, kümüş we goşmaça melhior we latun çig mallary bilen we hakyk, pöwrize, malahit, merjen, nardäne ýaly gaşlary bilen işleýän ussat zergär talyplar gelin-gyzlarymyza bagyşlap, milli şaý-sepleri we sowgatlyk önümlerini ýasap, şu ýylyň iň uly jemleýji sergisine gatnaşyp, öz goşantlaryny goşdular.

Hoş owazly milli şaý-sepleri halkymyzyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan gymmatlyklarynyň naýbaşy görnüşleriniň biridir. Türkmen zenanlary adaty günlerde, toý gününde kellesine, boýnuna, biline, goşarlaryna, barmagyna, mahlasy, başgabyndan tä donunyň etegine çenli sap altyn, kümüş şaýlarynyň onlarçasyny dakynýarlar. Halkyň maddy we ruhy durmuş derejesiniň ýokarlanmagy şaý-sepleriň kämilleşmegine, zergärçilik sungatynyň ösmegine alyp barýar. Şular ýaly ajaýyp sergileriň yzygiderli gurnalmagy biz ýaşlary buýsandyrýar, guwandyrýar. Her bir döredijilik ynsanlaryň galamlarynyň ýiti bolmagyny arzuw edýärin.

Bahar MAGTYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok