Bilimli il ozar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli bilim ulgamyny halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär. Döwletimizde bu ugurda kabul edilýän kanunlar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyk gelmek bilen, dünýä döwletleriniň iň gowy tejribelerini özünde jemleýär. 2021-nji ýylda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi dünýäniň kanunçylyk işinde bar bolan esasy hukuk düşünjelerini we pudaklaryny özünde jemleýän pugta kanunçylyk binýadyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bilimleriň we ylymlaryň pajarlap ösýän mekany hökmünde giňden tanalýar. Berkarar Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak durmuşa ornaşdyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy özenini düzýär. Ýaşlary ruhy-ahlak taýdan kämil, döwrebap terbiýeli edip ýetişdirmek wezipesi hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, mertebesi hem-de beýik geljegidir». Şunuň bilen baglylykda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ylym we hünär öwrenýän, senagatda, oba hojalygynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda häzirki wagtda ýörite bilimli ýaşlarymyzyň müňlerçesi joşgunly zähmet çekýärler. Berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ýurdumyzyň ylym-bilim pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baý maglumat giňişligi kemala gelip, ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, giň gözýetimli bolmagyna, internet torlarynyň kömegi arkaly sapaklary özleşdirip, dünýä tejribesini öwrenmegine ýardam edýär. Munuň özi hünär taýýarlygy babatda ýaşlardan edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär. Täze taryhy eýýamda sanly tehnologiýalardan baş alyp çykýan, täzeçe pikirlenip, oňyn teklipler bilen çykyş edýän, dörediji, gurujy, oýlap tapyjy ýaşlar ýurdumyzyň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň deňsiz-taýsyz ösüşlerine goşant goşýarlar.

Biz — bilim işgärleri geljekde-de ýaş nesle döwrebap bilim bermekde yhlasymyzy gaýgyrman göreldeli zähmet çekeris. Goý, ýurdumyzy ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Ogulbaý ÇARLYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň ýöritelesdirilen
29-njy orta mekdebiniň başlangyç
synp mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok