“SOCAR” kompaniýasy Türkmenistanda wekilhanasyny açdy

Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde öz ýurdunyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekilhanasynyň edarasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Azerbaýjanyň meşhur Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekilhanasynyň edarasynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.

– Türkmenistana amala aşyran saparymyzyň çäklerinde SOCAR kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rowşan Najaf bilen bilelikde SOCAR-yň Aşgabatdaky wekilhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Bu başlangyç Azerbaýjanyň nebit kompaniýasynyň Türkmenistandaky işlerini uzakmöhletleýin esasda berkitmäge, şeýle hem iki ýurduň energetika pudagynda umumy bähbitlere esaslanýan hyzmattdaşlygy alyp barmaga ygrarlydygyny görkezýär – diýip, Mikail Jabbarow belläp geçdi.

Laçyn SABYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok