Wepa Awlýakulyýew dünýä çempiony boldy

60 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Wepa Awlýakulyýew dünýä çempiony boldy. Ol çempionatyň final tutluşygynda gazagystanly Ýernur Suleimeni ýeňdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň şu dünýä çempionatyndaky altyn medallarynyň sany 3-e çykdy. Wepa türkmen ýygyndysynyň 10-njy medalyny gazandy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Wepa Awlýakulyýew TGM-niň Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almak, seljermek, çaklamak we raýat goranyşyň çärelerini meýilleşdirmek bölümçesiniň müdiriniň kömekçisidir.

Ýunus AÝMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok