NASA ilkinji gezek bir planetada metany we suwy tapdy

NASA-nyň Jeýms Webb kosmos teleskopy “WASP-80 b” atly planetada ilkinji gezek metany tapdy. Şeýle hem planetanyň atmosferasynda suw tapyldy.

Jeýms Webb kosmos teleskopy (JWST) takmynan 163 ýagtylyk ýylynda ýerleşýän Ýupitere meňzeş planetanyň atmosferasynda metany we suw buguny tapdy. Astronomlar, “WASP-80 b” diýlip atlandyrylýan ekzoplanetanyň Ýer togalagynyň her 3 gününde öz okunyň daşyndan doly bir aýlaw edýänligini aýdýarlar.

NASA-nyň Jeýms Webb kosmos teleskopy “WASP-80 b” ekzoplanetasynyň atmosfera syrlaryny açmagy başardy. Jeýms Webb kosmos teleskopy uzakdaky planetanyň öňünden hem yzyndan surata almagy başardy.

Öň köp ekzoplanetada suw bugy tapylan hem bolsa, metan şu wagta çenli tapylmady. Şonuň üçin bu açyş, planetalaryň atmosfera gurluşlaryna düşünmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Bu açyş, ekzoplanetalary Gün ulgamyndakylar bilen deňeşdirmek üçin ajaýyp mümkinçilik berýär. Alymlar Gün ulgamymyzdaky gaz ägirtleriniň atmosferasynda köp bolan metanyň derejesini ölçemek bilen güýçli deňeşdirme amala aşyryp bilerler.

Täjigözel SOPYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok