Şu ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda, türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Komitetiň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleriniň giriziljekdigini aýtdy.
Ýeri gelende belläp geçsek, mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mao Niniň aýdanlaryna salgylanyp, “Sinhua” agentliginiň duşenbe güni beren habaryna görä, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan 26-30-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda we Gazagystanda saparda bolar.
Mährijemal TAGANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler