Bitaraplyk – durnukly ösüşiň özeni

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Bitaraplyk biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr” diýip jaýdar belläp geçýär. Bitaraplyk jümlesiniň çygyr çägi örän giň bolup, ony erklilik, erkinlik, bagt sözleri bilen çalyşsak hem manysynyň asla üýtgemejekdigi aýdyň hakykatdyr.

Binýady berkden tutulan berkarar döwletimiziň daşary syýasatyny düzýän bitaraplyk, parahatçylyk söýüjülik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyz asyrlary nazarlap gelen döwletlilik ýörelgelerimiziň naýbaşylarydyr. Bu mukaddes gymmatlyklary sarpalamakda Gahryman Arkadagymyzyň göreldelgesine eýerýän ýaşlaryň kalplary döwrümize bolan buýsançdan, Gahryman Prezidentimize bolan alkşylardan püre-pürdir. Mähriban Arkadagymyzyň, Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Bitaraplyk derejämizi ebedileşdirmek bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem bütün adamzadyň ykbalyna nur çaýyldy.

Türkmen halkymyz taryhyň islendik döwründe bitaraplygy baş maksady edip goýdy we häzirki wagtda hem ata-babalardan gözbaşyny  alyp gaýdan bu asylly ýörelgäni mynasyp dowam etdirýär. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň saýasynda Ýer ýüzi bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary alyp barýar we barha pugtalandyrýar.

Bize şeýle eşretli dumuşy peşgeş berýän, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ogulgurban ÇARYGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok