Aşgabatda kibermedeniýet açyk sapaklary geçirilýär

Paýtagtymyz Aşgabatda “Hüşgärli nesil-bagtyýar nesil” atly kibermedeniýet seminarlar toplumy geçirilýär.

Biziň daşymyzy gurşap alan, durmuşymyzyň bir bölegi bolan, kompýuter tehnologiýalaryndan dogry peýdalanmak, olaryň peýdaly we zyýanly taraplaryny öwretmek hem-de ýaşlaryň kiber ulgamlara baglylygynyň öňüni almagy wagyz etmek maksady bilen geçirilýän bu açyk sapagyň nobatdaky bölümi “Bilim nokady” okuw merkezinde geçirildi.

Kibermedeniýet çykyşynyň bu gezekdäki tapgyrynda “sosial inženerlik” we “adam faktory” temasy esasy üns merkezinde boldy.

Bu seminarlar toplumy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi tarapyndan yzygiderli ýagdaýda geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok