Gadymy sadranç ýa-da küşt oýuny

Küşt oýnunyň taryhy öz gözbaşyny intellektual oýun hökmünde sadranjyň döremeginden ýa-da oýlanyp tapylmagyndan alyp gaýdýar. Orta asyrlaryň meşhur taryhçylary we edebiýatçy alymlary öz eserlerinde sadranç oýunlary barada gyzykly maglumatlary belläp geçipdirler.

Küşt oýuny boýunça ähli ensiklopediýalarda we okuw kitaplarynda sadranjyň nazaryýetini esaslandyryjy alym hökmünde Abu Bekr As-Sulynyň ady görkezilýär. Orta asyryň meşhur taryhçy we edebiýatçylarynyň biri bolan Abbasylar halifatynyň paýtagty Bagdatda ýaşan we işlän türkmen alymy Abu Bekr Muhammet ben Ýahýa ben Abdylla ben Al-Abbas ibn Muhammet ben Sul as Sulydyr.

Sadrançdaky şanyň, ruhuň we atyň göçümleri küşt oýnunyň häzirki zaman göçümleri bilen gabat gelýär. Pyýadalar bir öý öňe göçýär. Perziler gytaklaýyn bir öý göçýär. Piller gytaklaýyn bir öýüň üstaşyry ikinji öýe göçýär we öňünde duran malyň ýa-da pyýadanyň üstünden böküp geçýär. Pyýadalar garşydaş tarapyň iň soňky setirine baranda diňe perzi çykýar, başga mala öwrülmeýär.

Ýewropa küştçileri XX asyryň başlarynda gadymy sadranç oýuny bilen gyzyklanyp başladylar. Küşt boýunça islendik kitaby açanyňda küşt tablisalaryna duşmak bolýar. Küşt tablisalaryna gadymda sadranç mansubalary diýlipdir we olar müň ýyllaryň dowamynda saklanyp biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Sewinç ERMATKULOWA, 

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok