Aşgabatda “Google-yň” işläp düzüjileri “DevFest” atly maslahaty gurar

Aşgabat şäherindäki ýokary okuw mekdepleriň birinde 9-nji dekabrda maglumat tehnologiýalary ugry boýunça “Google” kompaniýasynyň işläp düzüjiler topary “DevFest” atly maslahaty geçirmegine garaşylýar. Guramaçylar maslahata gatnaşmaga online ýazylşygyň başlanandygyny habar berýär.

“DevFest” maslahatynyň geçirilmeginiň esasy maksady tehnologiýanyň ösüşi, maglumat tehnologiýalary ugrunyň möhüm meseleleri, bu ugurdaky ýokary tehnologiýalar bilimler we tejribeler boýunça jemgyýetiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir. Maslahatyň çäginde “Flatter” atly işläp taýýarlaýjylar jemgyýetiniň wekilleriniň çykyş etmegi göz öňünde tutulýar.

Bu çäräniň netijesinde talyplar, ýaş hünärmenler we IT ugry bilen gyzyklanýanlar bu pudagyň çylşyrymlylyklary barada giňden tanyş bolup bilerler. Onuň çäginde “Microsoft”, “Google” ýaly iri tehnologiýa kompaniýalarynda işleýän türkmen hünärmenleriniň hem çykyş etmegine garaşylýar.

Maslahat barada has giňişleýin gyzyklanmak isleseňiz online ýazylşykdan soňra iberiljek hat arkaly tanyşyp bilersiňiz.

Online ýazylmak üçin: Online ýazylyşyk

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok