Türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar Halkara internet olimpiadasyna çagyrylýar!

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny şu ýylyň 6-7-nji dekabrynda rus dili boýunça Halkara internet olimpiadasyna çagyrýar.

Olimpiadany Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty guraýar.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary okuw ýylyna garamazdan bäsleşige gatnaşyp bilerler. Ýokary okuw mekdeplerinden oňa gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär. Olimpiada synag görnüşinde I tapgyrda rus dilinde geçirilýär. Olimpiada gatnaşmak isleýänler üçin şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň resmi saýtynda hasaba alynýar, onda bu bäsleşigi geçirmek we onuň guramaçylary bilen habarlaşmak üçin goşmaça maglumatlar bar.

Olimpiadanyň netijeleri şu ýylyň 9-njy dekabrynda institutyň resmi saýtynda yglan ediler. Olimpiadanyň ýeňijileri we onda baýrakly orunlary eýelänler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň diplomlary bilen sylaglanylar.

Has zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmaga gönükdirilen olimpiada gatnaşyjylara rus dili boýunça mümkinçilik-başarnygyny, intellektual ýagdaýyny ýokary derejede görkezmäge mümkinçilik berer. Olimpiada talyplaryň rus dili boýunça nazarýet we amaly bilimleriniň derejesini kesgitlemäge, ýaşlaryň dil, ýazuw we aragatnaşyk endiklerini ýokarlandyrmak islegini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Selbi ARTYKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok