Türkmen – ýapon gatnaşyklary: Döwrebap hyzmatdaşlygyň aýdyň ýolunda

Türkmenistan döwletimiz öz Garaşsyzlygyny gazanandan soňra halkara hyzmatdaşlygyna hususna-da dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berýär. Şeýle döwletara gatnaşyklarynda Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti, hususan-da Ýaponiýa döwleti bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejelere çykaryldy.

Ini her ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň dabarasy bellenilýär. Geçen taryhy döwrüň dowamynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady taýdan örän çalt depginde ösýän bu ýurdy Türkmenistanyň esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Häzir Diýarymyzyň islendik künjeginde Ýaponiýanyň meşhur kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda gurlan döwrebap senagat toplumlaryna gabat gelmek bolýar.Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar dürli ugurlarda depginli ösdürilýär. Haa takygy, 2023-nji ýylyň 2 — 5-nji iýuly aralygynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginiň we bu ýurduň maliýe ministrliginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler bolsa öz gezeginde ijitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösýändiginiň alamatydyr.

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, häzirki wagtda tebigy gazy gaýtadan işlemek we goşulan gymmaty ýokary önümleriň önümçiligi ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Ýeri gelende bellesek, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda örän iri taslamalaryň ençemesiniň — Maryda we Garabogazda karbamid dökünlerini öndürýän zawodlar toplumlarynyň, Türkmenabadyň himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor döküniniň önümçiligi boýunça önümhananyň, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän zawodyň, Ahalda tebigy gazdan benzin öndürýän senagat toplumynyň, şeýle-de Türkmenabat şäheriniň golaýynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşyklary alnyp baryldy.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ylym-bilim ugrundaky gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmenistanly ýaşlara ýapon dilini öwretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. 2016-njy ýyldan bäri ýurduň orta we ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde ýapon dili öwredilýär.Has dogrusy, şu ýylyň 4-11-nji noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Sakura ylmy alyş-çalyş maksatnamasyna Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdy.

Bu maksatnamanyň işine gatnaşan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow 2023-nji ýylyň Türkmenistanda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilendigi we halkara derejesinde geçirilýän ýaşlar çäreleriniň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi barada belledi.

Ýaşlar syýasaty bilen bagly geçirilen halkara maksatnamasy -ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dünýä döwletleriniň ýaşlary bilen ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda özara tejribe alyşmaklary ugrunda örän ähmiýetli boldy.

Bägül GOÇGAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işlerministrliginiň
Halkara gatnaşklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok