Türkmen-koreý gatnaşyklary: ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň giň geriminde

Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik ugurda parlament diplomatiýasynyň orny barha artýar. Ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan diplomatiýanyň tapawutly aýratynlygy häzirki wagtda türkmen-koreý parlament wekiliýetleriniň özara saparlarynyň yzygiderli häsiýete eýe body.

1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitindäki iri hyzmatdaşlaryň biri bolup durýan Koreýa Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şondan bäri geçen döwrüň içinde deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär we işjeňleşýär. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem giň gerime eýe bolýar.

2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Seul şäherinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Günorta Koreýanyň «KEXIM» eksport-import banky, «K-SURE» Koreýa söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasy, «Hyundai Engineering», «Hyundai Corporation», «LX International Corp.», «Omnisystem Co Ltd», Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary ylmy-barlag instituty, (KOMERI), «BS Medical», «Chungdo Pharm.», «Yuwonmeditech», «Olive Union», hem-de «Poonglim Pharmatech» lukmançylyk enjamlary öndürýän kompaniýalary, «SK Telecom» Günorta Koreýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy, şeýle hem «LS Cable & System», «LG CNS», «STEALIEN», «ROVIGOS» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Ýeri gelende bellesek, döwletimize «Hyundai Motor Compani» zawodynda öndürilen «Hyundai» kysymly awtobuslar yzygiderli getirilýär. Şeýle-de, Koreýanyň «LG» «Samsung», «Daewoo» kompaniýalary «Awaza» mili syýahatçylyk zolagyndaky taslamalarda işjeňlik görkezdi.

Iki ýurduň ylym we bilim, medeniýet we syýahatçylyk babatda gatnaşyklar barha ösdürilýär. Dostlukly ýurduň alymlary, döredijilik wekilleri ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlaryň we festiwallaryň işine yzygiderli gatnaşýarlar. 2014-nji ýylyň aprel aýynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan ylmy konferensiýa geçirildi. Aşgabatda şanly sene mynasybetli şahyryň goşgular ýygyndysynyň koreý dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi baýramçylyk çäreleriniň özboluşly dowamyny alamatlandyrdy.

2023-nji ýylyň aprel aýynda  koreý wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Mejlisiniň we Hökümetiniň agzalary bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklarda «Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna taýýarlyk meseleleri, şeýle hem ylym, bilim, lukmançylyk, sport, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwerlik ugurlarda özara gatnaşyklar maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň 3-5-nji noýabrynda Aşgabatda Koreýanyň Medeniýet hepdeligi geçirildi. Koreýa Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda aýdym-sazly konsert boldy. Koreýa Respublikasynyň «ONDO» topary meşhur K-Pop aýdymlary bilen birlikde, dürli koreý aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Annagözel MEKANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok