Bilim — üstünlikleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünlerini berkidýän hormatly Prezidentimiz milli bilim özgertmelerini dowam edip, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleri bitirýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ylym-bilim syýasaty özüniň gurşap alýan wezipeleriniň çuňlugy we giňligi bilen tapawutlanýar. Çünki täze gymmaty döretmekde öndüriji güýçleriň iň naýbaşysy hasaplanýan işçi güýjüniň mümkinçilikleriniň artmagy, ilatyň hünär biliminiň ýokarlanmagy jemgyýetiň giň gerimli ösüşi üçin zerur bolan maddy we ruhy gymmatlyklaryň köp öndürilmegine şert döredýär. Bu deliller bilimiň şahsyýeti we jemgyýeti özgerdiji güýç bolup durýandygyny tassyklaýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde, milli bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlarynda dünýä ýurtlary bilen işjeň gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Bilim ulgamy döwrebap tehnologiýalar, internet bilen üpjün edilýär. Şeýle-de hünärmenleri taýýarlamagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Şu wezipeden ugur alyp, biz hem okuw meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Bu bolsa biz ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine itergi berýän mümkinçilikdir.

Goý, biz ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýjahan DOSMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok