Inžener we kompýuter grafikasy boýunça II Halkara internet bäsleşigi geçirilýär

Ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmen oba hojalyk institutynda 2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça II Halkara internet olimpiadasy geçirilýär.

Bäsleşigiň maksady inžener we kompýuter grafikasy pudagynda zehinli ýaşlary saýlamak we olary höweslendirmekden ybaratdyr.

Bu halkara bäsleşige her bir ýokary okuw mekdebinden 5 talypdan köp bolmadyk topar bilen inženerçilik ugurly hünärde we islendik ýylda okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Halkara internet bäsleşigi türkmen, iňlis we rus dillerinde alynyp barylar.

Bäsleşigiň şertleri:

  • bäsleşige gatnaşyjylar grafiki programmalarynda gurnaýyş çyzgysy esasynda önümiň her bir detalynyň we önümiň özüniň 3 ölçegli modelini, şeýle hem detallardan biriniň iş çyzgysyny taýýarlamaly;
  • bäsleşige gatnaşyjylaryň her birinde şahsy kompýuteri bolmalydyr;
  • sanly grafiki programmasynyň görnüşini gatnaşyjy islegine görä saýlap biler (Autocad, Kompas-3D, Autodesk Inventor, Solidworks we beýl.);
  • bäsleşikde ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 240 minut.

Bäsleşigiň ýumuşlary barada www.tohi.edu.tm web sahypasynda goşmaça okap bilersiňiz.

Batyr Meredow,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk institutynyň
I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok