Ak pagtam — ak bagtym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler daýhanlarymyzy bol hasyl ýetişdirmäge ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek barada uly aladalar edýär. Belent sepgitleri nazarlap öňe barýan eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde pagta ýygym möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär.

Ak hanalardan beýik, bereketli harmanlary döretmegi başarýan zähmetsöýer kärendeçi daýhanlarymyz pagtany «ak altyna» deňäp, ony «ak altynym — ak bagtym» diýip, söýgüleýär. Güneşe baý, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilýän «ak altyndan» taýýarlanylýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, giň görnüşli dokma önümleri bu gün dünýäniň onlarça döwletine eksport edilýär. Dokma pudagynda onlarça iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykardy.

Häzirki günlerde pagtaçy daýhanlarymyz yhlas siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almakda tutanýerli zähmet çekýärler. «Ak altynly» atyzlarda çekilýän päk zähmetiň depgini birjik-de gowşamaýar. Ýüwrük elli ýygymçylar, kombaýnlara erk edýän mehanizatorlar, awtoulag sürüjileri, hasyly kabul ediş nokatlardyr kärhanalaryň işçi-hünärmenleri häzirki jogapkärli möwsüme saldamly goşant goşýarlar.

Halal zähmetiň eşretini görüp ýaşamak bagtyna eýe eden hormatly Prezidentimize kalplary alkyşdan doly hasyl ussatlary şu günler gowaçaly meýdanlardaky pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has uly üstünliklere beslemek üçin iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.

Umyt BABAJANOW,

Aşgabat şäherindäki
Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok