Ýaşlar syýasatynyň dabaralanmasy

Ajaýyp zamanamyzda beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, zehinli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly üns berilýär. Bu babatda halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri dowam etdirilip, olar mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. 2023-nji ýylyň ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa, ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekjek türkmen ýaşlaryna bildirilen belent ynamdan nyşandyr.

Ýaşlar syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe öz ýurdumyzyň çäginde däl-de, Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatynda hem halkara ýaşlar, bilim hyzmatdaşlyklary görnüşinde barha işjeň ilerledilýär. Bu babatda ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berlip, ýakynda tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» bellenmäge mynasypdyr. Sebäbi döwletimiziň kanunçylygy we ýurdumyzyň halkara şertnamalary esasynda taýýarlanan bu Strategiýa türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň durmuş strategiýasynyň hem-de taglymat işiniň örän möhüm ugry bolup durýar. Ruhy, ahlak we beden taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek meselesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurduň durnukly we howpsuz ösüşini üpjün etmekde ýaşlara aýratyn orun degişli bolup, olary terbiýelemek meselesi strategik ähmiýetli çözgütleriň hatarynda durýar. Garaşsyz döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasy, durmuş-ykdysady, syýasy-guramaçylyk we hukuk çäreleriniň toplumyny öz içine alýar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilendir.

Watan mukaddesligi üçin berjaý edilýän işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn röwüş çaýýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy hormatly Prezidentimiziň beýik ynsanperwer işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapýar.

Maksat BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok