20-nji noýabr Bütindünýä çagalar güni

Bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Watanymyz mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýermek arkaly goňşy ýurtlar, şeýle-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Ýurdumyz çaganyň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Her ýylyň 20-nji noýabry halkara derejesinde “Çagalaryň bütindünýä güni” diýlip yglan edilip, bu baýram ýyldan – ýyla uly joşgun bilen garşy alynýar. Bu bolsa biziň jemgyýetimizde çagalaryň hukuklarynyň we azatlygynyň goraglylygynyň aýdyň görkezijisi bolup çykyş edýär. Çaganyň hukugy – bu adam hukugy diýmekdir. Bu hukular milletine, gelip çykyşyna, jynsyna garamazdan ähli çagalara degişlidir. Şahsyýet höküminde sazlaşykly kemala gelmekleri üçin çagalaryň goldaw, söýgi, mähir bilen gurşalan jemgyýetde ýaşamagy zerur bolup durýar.

Bilşimiz ýaly, eziz Watanymyzda Çagalary goramagyň hukuk goraglylygy bilen bir hatarda, ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna, intellektual nesliň kemala getirilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändigini bellemelidiris. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz bilimli, terbiýeli nesli ýetişdirmezden, Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirip bolmajakdygy barada aýratyn belleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen her ýylda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy ýaly döredijilik bäsleşikleri ýaş nesliň ukyp-başarnygyny ösdürmekde, olaryň watansöýüjilik duýgularyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Röwşen geljegimiziň kepili hökmünde alamatlandyrylýan çagalar halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Mahlasy, maşgalada ýaşaýşa bolan höwesi döredýän, durmuşyň özenini düzýän, öýlerimiziň «altyn aşygy» hasaplanýan, ýüzleri nurana mähriban çagalarymyzdyr. Olar biziň ýagty geljegimiz, Watanymyzy gülledip ösdürjek, onuň at-abraýyny ýokary galdyrjak ýaş nesillerimizdir.

Arazgül BALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok