Ekine yhlasly çemeleşilýär

Ýurdumyzyň babadaýhanlary güýzlük bugdaýa ideg etmek işlerini öňdebaryjy tejribä daýanyp, ylmy esasda alyp barýarlar. Oňat gögeriş gazanylan maýsaly meýdanlary synlanyňda göwnüň göterilýär. Endigan gögeren bugdaý maýsalary ekerançylaryň tagallalarynyň ýerine düşýändiginden habar berýär.

Güýzlük bugdaý ekilen meýdanlary haşal otlardan arassalamaklyga hem aýratyn üns berilýär. Bu möhüm çäräni netijeli geçirmekde welaýatlarymyzyň oba hojalyk önümçilik birleşigindäki we etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalaryndaky derman pürküji tehnikalardyr enjamlar başarnykly peýdalanylýar. Bu işleriň ählisi bugdaýly meýdanlara ösüş suwuny tutmak bilen utgaşykly alnyp barylýar. Kärendeçiler suwuň siňňitli tutulmagyna uly ähmiýet berýärler. Bu bolsa, öz gezeginde, topragyň hasyllylygyna aýgytly täsirini ýetirýär. Güýzlük bugdaýa ideg işleriniň degişli hünärmenleriň gözegçiliginde alnyp barylmagy ýerine ýetirilýän işleriň netijeli bolmagyna ýardam edýär.

Kärendeçileriň bugdaý maýsalaryna edýän ideg işleri olaryň geljek ýylda azyklyk ak bugdaý taýýarlamagyň şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde geljekdiklerine ynamyňy artdyrýar. Olar halal zähmet çekmäge döredip berýän amatly şertleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar.

Şagözel ITALMAZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok