Seniň adyň eziz, mugallym!

Her kärde bolşy ýaly, mugallymçylykda-da üstünlik gazanmagyň esasy şerti öz käriňi söýmekdir. Kesbini halaýan mugallymyň ilkinji aladasy okuwçylary we käri bolmaly. Işinden lezzet almaýan mugallymyň kärine berilmegi we bu babatda üstünlik gazanmagy örän kyn.

Mugallymçylykda üstünlik gazanyp bilmezligiň esasan üç sebäbi bar:
1) Häsiýetiň boýunça mugallymçylyga mynasyp däl halyňa bu käri saýlamak;
2) Saý-sebäp bilen mugallym bolmaga nesibäň çekse-de, näme üçindir käriňe ysnyşyp bilmezlik;
3) Käriň boýunça ukybyň bardygyna garamazdan, özüňi kämilleşdirmezlik hem-de maglumat we usuly goruň üstüni ýetirip durmazlyk.

  • Mugallymçylyk kärine ýürekden, jany-teni bilen berilmedik adamyň okuwçylaryny söýmegi, olaryň dürli meseleleri bilen ýeterlik derejede gyzyklanmagy, şeýle hem goýberen ýalňyşlaryny sabyrlylyk bilen kabul etmegi başarmagy örän kyndyr.
  • Mugallymyň okatmagy halamagy ony joşgunly hem tutanýerli bolmaga iterýär. Onuň şeýle höwesliligi okuwçylaryna gönüden-göni täsir edýär.
  • Yslam pedagoglary hem mugallymyň öz kärine wepaly bolmagynyň, oňa söýgi bilen garamagynyň ähmiýetiniň üstünde durup geçýärler.
  • Taşköprüzadäniň pikirine görä mugallym gününiň köp bölegini okuwçylaryna ylym öwretmäge, olary kämilleşdirmäge sarp etmelidir.
  • El-Kabisi mugallymlaryň okuw-terbiýeçilik çärelerinden başga hiç zat bilen meşgullanmaly däldigini nygtaýar.
  • Ibni Sahnunyň pikirine görä bolsa, mugallym hemme wagtyny okuwçylary üçin sarp etmeli, kän zähmet çekmeli we ömrüni olara bagyş etmelidir.
  • Meşhur alym Kätip Çelebi munuň bilen baglanyşykly pikirini şeýle beýan edýär: «Mugallymçylygyň maksady ondan maddy bähbit aramak däl-de, okuwçylaryň bolup geçýän hadysalara akyl ýetirmegini we olarda «ýagşylyk etmeli» diýen düşünjäniň kemala gelmegini gazanmakdyr. Gün-güzeran üçin ylym bilen meşgullanýan adam hakyky alym däldir».
  • Aslynda mugallym işe kabul edilende, munuň üçin alynýan synaglary üstünlikli tabşyrmagy ýeterlik hasap edilmän, eýsem dalaşgärler bilen ýörite gürrüňdeşlik geçirilmeli. Şeýlelikde, hem-ä mugallymçylygy özüne baş maksat saýmaýan adamlardan hem-de dürli sebäpler bilen bu käre doly mynasyp däl adamlardan gaça durulmaly.

Aýjeren AŞYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok