Rysgal-bereketli, döwletli Watan!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ulus ilimiz Hasyl toýuny uly ruhubelentlik bilen toýlady. Belent ösüşlere hem özgerişlere beslenýän berkarar döwletimizde gazanylýan üstünlikler dabaralandyrylýar. Bütin ýylyň dowamynda daýhanlarymyzyň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde ene toprakdan bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök-bakja ekinleriniň ýokary hasyly ýetişdirilip, ýygnalýar, ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilip, azyk howpsuzlygy gazanylýar.

Hasyl toýy halkymyzda bereket toýy hökmünde begenç duýgusyny döredýär, kalplarymyza şatlyk paýlaýar. Bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň baýramy bolan Hasyl toýunda toý saçaklary giňden ýazylýar. Hödür-kerem edilýär. Oba hojalygynyň ussatlaryna Şa serpaýlary ýapylýar.

Obasenagat toplumyny ösdürmekde hususyýetçi daýhanlaryň paýyna hem möhüm wezipeler düşýär. Däneçiligi, gök ekerançylygy, miweçiligi, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmekde hususyýetçiligiň orny yzygiderli pugtalandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrýan toý saparlarynda, ilki bilen, ekerançylyk meýdanlaryna baryp, zähmetkeş daýhanlaryň hal-ýagdaýy, olaryň alyp barýan işleri, zähmet şertleri, ýetişdirýän ekinleri bilen gyzyklanmagy milli ekerançylyk däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Bu asylly işler oba hojalyk ekinlerinden bereket tapýan halkymyzy uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we döwlet ähmiýetli işleri rowaç alsyn!

Begmyrat GALANDAROW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok