Halallyk kyssalary – durmuş mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bu gün türkmen edebiýaty täzeçe öwüşgine eýe boldy. Halkymyzyň ruhy medeniýetini, aňyny, ruhy dünýäsini ösdürmekde türkmen edebiýaty aýratyn orny eýeleýär. Halklaryň arasyndaky dost – doganlygy berkitmekde medeniýetiň bitirýän hyzmaty örän uly. Her halkyň medeniýetinde şol halkyň ruhy mertebesi bar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly “Medeniýet halkyň kalbydyr’’, onuň özeninde durmuş paýhasyny saklaýan milli medeniýetimiziň has kämilleşmegi hem ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda bu günki gün diňe bir türkmen ýazyjy şahyrlarynyň eserleri däl dünýä halklarynyň eserleri hem uly söýgi bilen okalýar. Dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserlerini okamak arkaly biz şol halklaryň dünýägaraýşy , durmuş pelsepeleri, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanşyp bilýäris. Ruhy- medeni pikir ýöretmeler babatda taryhyň dowamynda agzybir hem-de goňşy oturan halklarda umumylyklaryň , meňzeşlikleriň, şol bir babatda her halkyň, milletiň özüne mahsus aýratynlyklaryň bolup bilýändigi ikuçsyz.

Gadymy döwürlerde ylmy, bilimi we edebi eserleri bilen dünýä taryhynda uly abraýa eýe bolmagy başaran arap edebiýatlary häzirki döwürde hem ajaýyp eserleri peýdaly pikirleri bilen okyjylaryň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Nesil terbiýesine, şahsyýet kämilligine dahylly dürli pikirleri öňe sürýän bu eserler terbiýeçilik nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.

Dursun DURDYGYLYJOWA,

Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar
bakja bagynyň terbiýeçisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok