Türkmenistan — Türkiýe: dostluk, doganlyk, hoşniýetlilik

Häzirki zamanyň ählumumylaşýan dünýäsinde döwletleriň ykdysady ösüşinde, döwletara söwda dolanyşygynda hususy pudagyň önüm öndürijilerine, ulag-logistikaçylara-da aýratyn ornuň degişlidigini nygtamak gerek. Munuň şeýledigini Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ykdysady, söwda gatnaşyklarynda-da görmek mümkin. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda milli derejedäki ulag düzümini döretmek, ösdürmek we kämilleşdirmek, ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalar amala aşyryldy we ol depginli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň üstaşyr ulag ulgamy babatda durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän halkara başlangyçlary, şeýle-de bu ugurda döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti gürrüňi edilýän türkmen-türk işewürler maslahatynyň-da esasy özenini emele getirdi.

Soňky 30 ýylyň dowamynda doganlyk Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen bazarynda özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen iri maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň esasy bölegini Türkiýäniň işewürlik düzümleri düzýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bilelikdäki hökümetara topara aýratyn orun degişlidir. Toparyň işi hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň işewürlik maslahatlaryna, pudaklaýyn sergilere gatnaşmagy netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.

Ylýas MERDANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok