Türkmen rok aýdym-saz sungaty kyn günleri başdan geçirýär…

Ilki bilen aýdym-saz ugrunda bilermen däldigimi belläp geçeýin. Sebäbi, käbir paýlaşjak pikirlerimde meniň teoriki, statistiki we profesional sowatsyzlygym hökman tankytlary özüne çeker.

Segseninji ýyllarda dünýä inen nesliň wekili hökmünde, elbetde biziň hem çagalykdan eşidip ulalan aýdymlarymyz bar. Segseninji ýyllarda-da dürli žanr aýdymlaryň çykýan, özgerýän, ösýän döwrüdi.

Meniň aňymda galan zat şol ýyllarda täze aýdymlar bilen bir hatarada has irki döwürde çykan aýdymlar hem öwran-öwran telewideniýede, radioda goýberilýärdi. Ol döwür näme, kanallaryň sany çäkli, belki 50 ýylda üýşen audio-wideo kontent häzirki döwrüň 1 ýylda öndürilýän kontentinden azdy. Galyberse-de internet ulgamyndaky platformalar, digital media, tehnologiki instrumentler ol döwür ýokdy.

Meniň çagalykdan hakydamda galan aýdymçylarymyň arasynda Öwezgeldi Tekäýew, Bally Hajyýew, Nurýagdy Tokgaýew, Annaberdi Atdanow, Babamyrat Hamdamow, Gülşirin Alyjanowa, Annagül Gurdowa, Atageldi Garýagdyýew, Gurban Gummanow, Berdiýewa doganlar dagylary ýatdan sanap biljek. Başga-da kän, emma maňa çaga wagtym olaryň atlaryny ýatda saklamak ýeňil bolmady. Men bulary söýüp diňleýänim üçin däl-de, biziň başga saýlawymyz ýokdugy, ulularyň gapdalynda bizem diňlemeli bolanymyz üçin atlary ýadymda galdy.

Şonuň bilen bir hatarda bolsa, türkmen rok saz sungaty hem öz parlak günlerini başdan geçirýärdi. Başga-da rokçy bardyr welin, meniň çagalyk döwrümden ýadymda galan “Güneş”, “Dessan”, “Arzuw”, “Älemgoşar” toparlary, Şamämmet Bäşimow, Akyş Saparow dagylar türkmen rok aýdymlary bilen halkyň arasynda söýlüp diňlenýärdi. Ýaş okyjylar geň görmegi mümkin, hat-da Atabaý Çarygulyýewiň, Nurýagdy Tokgaýewiň hem rok aýdymlary kändi we gowy diňlenýärdi.

Emma 90-njy ýyllaryň ahyryna gelip ugranda, halkyň aýdym-saz “gulagy”, diňlemek lezzeti başga bir ugur aldy. Ilki bilen “kasoý” diýip tanalýan, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanmagy başaran Nurmuhammet Meredow diýen aýdymçy sahna çykdy. Hindi, gündogar kakuwlaryna çalym edýän aýdymlary ýaşlaryň göwnünden turdy. Baýram Taganow, Eneş Rejepowa, Döwran Saparow, Annuş Myratdurdyýew ýaly aýdymçylaram meşhurlykdan peýdalanýardy, emma şonda-da bir döwür Nury Meredowdan başga aýdymçy ýok ýaly duýgy emele geldi we türkmen rok aýdymyny hiç diňläp görmedik, belkem rok aýdymyň lezzetine  göz ýetirip bilmejek täze nesil diňleýji köpçüligi emele geldi.

Soň bolsa türk arabesk we pop aýdymlary türkmen bazaryna girip gitdi. Türkmen rok sungaty ýuwaş-ýuwaş çetleşmeli boldy. Üstesine-de, sebitdäki ykdysady durnuksyzlykdan hem bu žanrdaky aýdym-saz industriýasy öz nesibesini aldy. Rok aýdymçylarynyň we ansambllaryň bazary daraldy, gazanç çeşmesi kesildi.

Türkmenistanly rok söýüjiler bolsa, öz “gulak lezzetini” daşary ýurtly aýdymçylaryň rok aýdymlaryny diňlemek bilen kanagatlandyrmaly boldular. Wagtyň geçmegi bilen türkmen dilinde rok aýdym döredip bolmajak, hamala gelişmejek ýaly pikir döräp başlady.

Elbetde, her žanryň özboluşlylygy bar. Adamlaryň lezzetlerine at dakmaga, ýazgarmaga hakym ýok, bilýärin. Emma, hindi-arabesk ýaly žanrdaky aýdymlar köp diňlenende ýürekde gamgyn emosialary öňe çykaryp, käte ruhyçökgünlige-de eltip bilýär (elbetde, bu meniň pikirim).

Göwnüme bolmasa, 90-njy ýyllaryň ykdysady durnuksyzlyk döwri, adamlaryň psiho-sosiologiki ýagdaýlary şu žanrlary diňlemäge gönükdiren ýaly. Belläp geçeýin, men hindi-arabesk aýdymlaryň duşmany däl, tersine özümem söýüp diňleýärin, käte hiňlenýärinem.

Rok aýdymyň aýratyn lezzeti, rok diňleýjisiniň özboluşly häsiýeti bar. Rokda ruhlandyryjy ritm bar, sazyň dinamikasy ýüregi joşdurýar. Rok diňleýjileri örän wepaly bolýar. Rok aýdymçysy öz diňleýji köpçüligini 50 ýyllap hem gorap, saklap bilýär.

Bu makalany näme üçin ýazandygymy bilesiňiz gelýändir. Elbetde, bir sebäbi bar. Ýakynda bir täzeligim hem bar, şony siziň bilen paýlaşmak isleýärin.

Bizi yzarlap duruň!

Merdan Ataýew

Teswirler

Seýli

Salam! Merdan aga, tüweleme haladym. Bu makalañyz rok žanrynyň halkymyzyň arasynda täzeden dikelmegi we ösmegi üçin ilkinji we aýgytly ädim boljagyna şübhesiz ynanýaryn. Diňe öňe...

Sungat

Üýtgeşik stilleriň, žanrlaryň bolmagy ösüşi aňladýar tüweleme biz diňe öňe barýan ýurt hökmünde bu temalarda-da ösüşler gazanarys. Ynanýas 🫶