Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary bilen halypa diplomatlaryň arasynda duşuşyk geçirildi

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary-“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I we II möwsümiň dürli oýunlarynyň ýeňijileri, ýagny institutymyzyň talyplary bilen halypa diplomatlaryň arasynda tegelek stol duşuşygy geçirildi.

Şeýle-de bu duşuşyga akyl-paýhas bäsleşiginiň dürli möwsümlerinde çykyş etmek bilen, aýratyn tapawutlanyp, ýurdumyzdaky baýry ýokary okuw mekdepleriň talyplary bolan ýaş çaparlar hem gatnaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň ussat diplomaty, Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçi, professor, taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiya kafedrasynyň müdiri halypa mugallym Amangeldi Rahmanow şeýle hem Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiya kafedrasynyň uly mugallymy, halypa diplomat Sapar Berdinyýazow dagylar hem gatnaşdylar.

Halypa diplomatlar duşuşygyň dowamynda özleriniň tejribelerini, diplomatiýa ýolunda gazanan üstünliklerini hem-de diplomat adam bolmagyň syrlary barada ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalaryna özleriniň maslahatlaryny berdiler. Duşuşygyň ahyrynda halypa diplomatlar ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalaryna Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny ýadygärlik hökmünde gowşurdylar.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Ýaş diplomatlar mekdebi mekdep partasyndan halkara gatnaşyklary ugrunda hünärmen bolmagy maksat edinen hünärmenleri ýetişdirmekde uly işleri alyp barýar. “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigi bolsa muňa aýdyň mysal bolup durýar. Bu okuw ýylynda bolsa «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi “Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy” atly şygar astynda geçiriler.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok