Ulag kommunikasiýa ulgamy barha ösýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu, öz gezeginde, Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegini, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde derejesiniň pugtalanmagyny şertlendirýär. Bu ugurdaky, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlykda işjeň orun eýelemek bilen, Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär hem-de sebit, yklymüsti derejedäki köpşahaly bitewi ulag düzüminiň kemala getirilmegine goşant goşýar.

Halkara ülňülere laýyk gelýän hem-de maglumat alyşmasyny ýokary hilli üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez hökmünde, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde ähmiýetiniň barha artmagyna ýardam berýär.

Ählumumy derejede maglumatlaşdyrmak we internetleşdirmek durmuşymyzda hem-de işimizde düýpli özgerişliklere, köp hyzmatlaryň awtomatlaşdyrylmagyna getirýär. Hojalygy ýöretmegiň bazar ulgamyna geçilmeginiň şertlerinde döwrebap maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanmak Türkmenistan üçin zerurlyga öwrüldi. Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz döwür bilen deň gadam urmak babatda öz öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini goýdy. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň möçberine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde internetiň giňden elýeterliligini üpjün etmek arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredijilik başlangyçlary bilen yzygiderli ösüş häsiýetine eýe bolup, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, sebitiň möhüm söwda, iri üstaşyr ulag we dünýä ähmiýetli telekommunikasiýa ýollarynyň merkezinde ýerleşýän Watanymyzyň ulag-aragatnaşyk pudagy hem ösüşiň belent sepgitlerine ýetýär.

Bibigül BEŞIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok