Köňülleriň küýsegi — göwünleriň ganaty

«Garaşsyzlyk» sözüniň aňyrsynda uly many ýatyr. Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dostluk, doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, mukaddes Watanly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň aşa oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty netijesinde özüni tutdy hem-de berk, ynamly ädimler bilen öňe tarap ugur aldy. Hiç bir zat esassyz bolmaýar. Belent mertebeli Prezidentimiziň kabul edýän her bir Kararynda, daşary ýurtlara edýän saparlarynda, daşary ýurtlardan gelýän döwlet ýolbaşçylaryny kabul edişliginde her bir maşgalanyň, her bir raýatyň şahsy bähbidi bar. Ol bähbit her bir ojagyň ýylysynyň artmagyna, her bir raýatyň baýamagyna, ýaşaýyş goraglylygyna, erkana, bagtyýar hem dostana ýaşamagyna gönükdirilendir.

Garaşsyzlyk her bir raýatyň, aýratyn-da, ýurduň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň durmuşynda has-da uly özgertmelere ýol açdy. Topragy mes, döküni, suwy öz wagtynda ýetirilip duran ýaş nahal köklerini topraga mäkäm urup, basym ese-boýa galmak bilendir. Emma üns berseňiz, ol ýaş mahaly şemal haýsy tarapdan güýçli öwüsse, şol ugra tarap hem ösüp başlaýandyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, «şemalyň ugruna» däl-de, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmäge şert döretdi. Milli Liderimiziň tagallasy, aýratyn üns-aladasy bilen bu gün türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň baýdak göterijilerine öwrüldiler.

Sülgün KASYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok