Halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň tutuş many-mazmunyny özünde jemleýändigi babatda we döwletliligi berkitmegiň ähli jähetlerini hukuk taýdan kemala getirmekde, döwletiň we jemgyýetiň ösüşleriniň hemme tapgyrlaryny guramaçylyk-hukuk taýdan esaslandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Halk Maslahaty ýurdumyzyň taryhynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, bu umumyhalk forumynyň her ýylda geçirilip gelnen mejlislerinde iň wajyp meselelere we wezipelere orun berildi. Dürli ýyllarda Ýaşulularyň maslahaty, Halk Maslahaty derejesinde örän guramaçylykly geçirilip gelinýän bu forumyň halkyň arasynda uly gyzyklanma döredýändiginiň sebäbini onuň mejlislerinde jemgyýetiň, raýatlaryň bähbitleri bilen baglanyşykly iň derwaýys meseleleriň orta atylýandygy, olaryň çözgütleri babatda möhüm kararlaryň kabul edilýändigi bilen düşündirmek mümkindir.

Görşümiz ýaly, tapgyrlaýyn amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler döwletimiziň we jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek bilen, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge itergi berýän taryhy wakalar hökmünde uly ähmiýete eýe bolýar.

Konstitusion kanunyň taslamasy döwletimiziň binýatlaýyn esasynyň has-da berkidilmegine, jemgyýetçiligiň jebisligine, ýurdumyzyň syýasy-hukuk ulgamynyň kämilligine, raýat jemgyýetiniň işjeňligine gönükdirildi.

Türkmen döwleti özüniň ösüş ýolunda ýene bir belentlige çykdy. Döwletiň mizemezligi, esasan, onuň demokratik, syýasy-hukuk esaslarynyň kämilligine, döwlet bilen halkyň arasyndaky jebislige baglydyr. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda täze konstitusion özgertmäniň amala aşyrylmagy Watanymyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmegiň ýene bir kepilidir.

Şamerjen SYLAPOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok