“Türkmenistan we Täjigistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna” atly žurnal çap edildi

Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy köptaraplaýyn gatnaşyklarynda bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu sammitiň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna gabat gelmegi aýrtyn bellärliklidir.

Şanly senä bagyşlanyp türkmen-täjik gatnaşyklarynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berýän ýörite žurnalyň çap edilmegi okyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. “Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna” atly üç dilde – türkmen, täjik, rus dillerinde neşir edilen žurnal Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda gurnalan media merkezinde metbugat neşirleri goýuldy. Bu žurnalda hyzmatdaşlykda geçilen ýollar, ýetilen sepgitler barada anyk maglumatlar suratlaryň “dilinde” täsirli beýan edilýär. Ýerli dildäki “Toçikiston”, rus dilinde neşir edilýän “Аргументы и факты” gazetlerinde çap edilen türkmen-täjik gatnaşyklary baradaky düýpli makalalar bilen tanyşyp bolýar.

Şeýle-de bu žurnalda ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň aýratynlyklary, türkmen – täjik parlamentara gatnaşyklary, medeni-ynsanperwer, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ulgamlarda alnyp barylýan bilelikdäki işler baradaky makalalar ýerleşdirilipdir.

Dürli suratlar bilen bezelen, aýry-aýry wakalardan alynan fotoreportažlaryň ýerleşdirilmegi türkmen – täjik gatnaşyklarynyň geçen ýoluna gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Bu žurnalda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklar, ýerleşdirilip, olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen teklipler hem-de başlangyçlar halkara habarlar giňişliginde ýerleşdirilipdir.

Oguljahan AHMEDOWA,
DATMDDI-niň Ýewropa dilleri
we edebiýaty fakultetiniň
ispan dili hünäriniň
III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok