Mähriban Watanyňy söýmek, ony gözüň göreji ýaly aýap saklamak, oňa wepaly bolmak, il-halkyň bilen agzybirlikde ýaşamak, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleridir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk, gahrymançylyk äheňli goşgulary tutuş döredijiliginiň içinden eriş- argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragy il-ýurduny, mähriban Watanyny jany- teni bilen söýenahyr. Muny biz şahryryň Watançylyk temada ýazan goşgularyny okanymyzda anyk göz ýetirýäris. Milli şahyrymyz Magtymguly atamyz seniň ähli adyň, abraýyň, iliňe-Watanyňa edýän hyzmatyňa, mähriban Watanyňa ene topragyňa goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny öz goşgularynda nygtap geçen şahyrdyr.
Ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesiat beriji goşgulary biz ýaşlara has hem ýakyn. Watançy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe türkmen taýpalary dagynyk ýaşapdyrlar. Bu ýagdaýa beýik şahyrymyz jany-teni bilen gynanypdyr. Magtymguly Pyragynyň ata Watan, ene toprak, Watansöýüjilik, adamkärçilik baradaky şygyrlary biz ýaş nesillere watançy, pederlerimize mynasyp nesiller, merdi-merdana adamlar bolup ýetişmelidigimiz baradaky çagyryş bolup ýetişmelidigimiz baradaky çagyryş bolup ýaňlanýar.
Biz ýaşlaryň Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat beriji, nesilleri Watançy, merdi-merdana, arassa ahlakly, il-halka wepaly zähmetsöýer bolmaklyga çagyryp, asyrlardan aşyp ýaňlanyp duran eserlerini içgin öwrenip, aýdylýan nesihatlary aňymyza we ýüregimize ornaşdyryp, pederlerimize mynasyp perzentler bolup ýetişmegimiz gerek.
Magtymguly Pyragy özüniň öwüt-nesihat beriji, iň kämil we täsin goşgulary bilen ähli halklaryň kalbynda asyrlar boýy ýaşap gelýär. Bu günki gün şahyryň şygyrlary dünýä halklarynyň ençeme dillerinde neşir edildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr.” – diýip, öz nesillerine iň kämil eserleri miras goýan beýik söz ussadymyz Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýar. Beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty Milli Liderimiz we Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz tarapyndan has-da belende göterilýär. Ýurdumyzyň iň gözel künjekleriniň birinde akyldar şahyrymyzyň belent heýkeli gurulýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna uly taýýarlyk görülýär.
Magtymguly BEGMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler