Edebi mirasymyz – ebedi mirasymyz

Biziň baý hem-de gadymy mirasymyz, bahasyna ýetip bolmajak medeni ruhy gymmatlyklarymyz bar. Pederlerimiz öz nesilleri bolan biz ýaşlara örän gymmatly edebi mirasy galdyrypdyrlar. Pederlerimizden galan şol edebi mirasymyz bize halkymyzyň geçmiş taryhyny, däp-dessurlaryny , ynançlaryny, umyt- arzuwlaryny öwrenmekde köptaraply çeşme bolup durýar. Bu babatda halkymyzyň geçmişini yzygiderli beýan edýän nusgawy edebi mirasymyz halk döredijilik eserleri, rowaýatlar, tymsallardyr dessanlar uly ähmiýete eýedir. Nusgawy edebi mirasymyz geçmişde ata- babalarymyzyň nähili durmuşda ýaşandyklaryny göz öňümize getirmegimize, pederlerimiziň däp-dessurlaryny, ynançlaryny birme bir öwrenmegimize bahasyz çeşme bolup durýar. Muňa mysal edip biz “Gorkut ata” eserini okanymyzda VI – VII asyrlardan başlap köp döwürleriň dowamynda ýaşan türkmenleriň däp-dessurlaryny, başdan geçiren durmuş wakalaryna göz ýetirýäris. “Gorkut ata” eserinde türkmenleriň keseki ýurt basybalyjylaryna garşy gaýduwsyz göreş alyp barandyklaryny, şol söweşlerde türkmen ýigitleriniň gaýdywsyzlyk bilen öz eziz watanyny gorandyklaryna şaýat bolýarys. Eserde Watana, il- güne söýgi, dosta wepalylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk, Watany goramak ýaly türkmene mahsus bolan ýagdaýlar öz beýanyny tapypdyr. Gorkut ata eserini okanymyzda VI – VII asyrlarda Oguzlaryň şol wagtdaky esasy kesp-kärleriniň çarwaçylyk bolandygyna göz ýetirýäris. Olaryň mallary esasan goýun, düýe, ýylky, bolsa-da söweş üçin ýörite atlary hem seýisläpdirler. Eserde beýan edilişine görä türkmen ýigitleri ýersiz ýere özgäniň üstüne sürünmändir, özgäniň ýurduna göz gyzdyrmandyr. Gaýtam urşanlary ýaraşdyrjak bolupdyr. Ýersiz ýere öz üstüne, ýurduna ýygyn çekip gelseler welin türkmen goç ýigitleri garadan gaýtmandyrlar. Watan goragy üçin şirin janyndan geçip: “Ser bereris, Ýer bermeris!” diýip, söweşipdirler.


Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri bolan Magtymguly atamyzyň nusgawy döredijiligi bilen tanyşanymyzda, okanymyzda türkmenleriň XVIII asyrdaky ýaşaýyş durmuşy türkmenleriň bitewi bir döwlet durmak baradaky arzuw umytlaryny öwrenýäris. Magtymguly atamyzyň şygyrlary esasan, Watançylyk, parahatçylyk agzybirlik, dost-doganlyk, adamkärçiligiň belent nusgalary barada bolup olar ony okan her bir ynsana Watançy, dogruçyl, türkmen ýigitlerini mert, gaýratly , batyrgaý bolmaga çagyryp öwüt-nesihatlar berýär. Beýik Akyldar Magtymguly Pyragy Watançylyk, Watana gyzgyn söýgi duýgusy bilen ýaşapdyr. Magtymgulynyň öz halkyna hem-de öz Watanynyň tebigatyna bolan söýgüsi çäksiz bolupdyr. Akyldar şahyr öz halkynyň ýaşaýyşynyň erkin bolmagyny isläpdir.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp, ösmegini, medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň, sungatymyzyň dünýä çykmagyna, milli mirasymyzy gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga giň mümkinçilikleri, ägirt uly işleri alyp barýar.

Oraz HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň
inžener mehanika fakultetiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok