Arkadag şäheri – saglygyň mekany

2023-nji ýylda ýurdumyzda  ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şöhratly taryhy waka boldy. Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanda ilkinji ,,akylly’’ Arkadag şäheriniň açylyşy giňden dabaralandy.

Arkadag şäheri saglygyň mekanydyr. Ondaky saglygy goraýyş ulgamynyň desgalary iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Özünde birnäçe desgalary birleşdirýän Gurbanguly berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş- dikeldiş merkezi täze şäheriň durmuş düzüminiň möhüm bölegi bolup durýar.Olardan 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi,tiz kömek merkezi, Saglyk öýi we ýöriteleşdirlen ulag serişdeleriniň dürli görnüşlerine eýe bolan uly awtomobil kompaniýasy bar.

Häzirki wagtda Arkadag şäherinde 6 sany lukmançylyk edaralary guruldy.Geljekde bu ýerde ençeme saglyk merkezleri şol sanda eneler we çagalar üçin çagalar merkezi gurulmagy göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da Arkadag şäherinde 25 sany edara binalar bularyň içinde ,şäher dolandyryş,işewürlik, sosial ulgam,ulag aragatnaşyk infrastrukturasy bularyň ählisi täze orunlary döreder. Şeýle hem 11 sany söwda dynç alyş merkezleri döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Akylly şäherde  saglygy berkitmekde diňe bir  saglygy goraýyş edaralar dälde, eýsem sport bilen meşgullanmak üçin  hem  hemme mümkinçilikler döredilendir. Ýörite şol üçin hem Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi döredildi. Köp ugurly sport toplumlay we merkezleri, 1 0 müň adamlyk stadion guruldy.Olaryň ählisi halkara ölçeglere laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde sportyň başa-baş söweş görnüşleri,agyr we ýeňil atletika,gimnastika we şol sanda sportyň suw görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Ý Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak,,, saglyk’’ Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek geçirmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini höweslendirmek we ösdürmek,oňa ilaty,ilkinji nobatda ýaşlary giňden çekmek babatda görülýän çäreler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

 Çaryýarguly NEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Harby- lukmançylyk
fakultetiniň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok