Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziñ Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyñ baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giñ gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar.Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüji, sözüne- lebzine ygrarly, edermen ýaşlar edip ýetişdirmekde olaryñ ähmiýeti örän uludyr.

Türkmen halkynyñ nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyñ edebi döredijiligini ylmy taýdan çuññur öwrenmekde häzirki wagtda türkmen alymlary giñ gerimli işleri amala aşyrýarlar. Häzirki döwürde beýik akyldaryñ şygyrlary gazet-žurnallaryñ, teleradioýaýlymlaryñ üsti bilen giñ halk köpçüligine ýetirilýär. Magtymguly Pyragy özüniñ mizemez şygyrlary ene süýdi ýaly päk ynsanperwerlik, watansöýüjilik, edermenlik, gahrymanlyk ýaly duýgulary ynsan kalbynda oýaryp häzirki güne çenli halklaryñ arasynda öz gymmatyny yitirmän baky ýaşamagyny dowam edýär. Magtymguly Pyragy öz goşgularynda agzybirlik, halklar birleşdirmek, adamlaryñ arasynda dost-doganlygy berkitmek, adalatlylyk ugrunda göreş, söýgi, watana maşgala wepalylyk, birsözlülik, dünýäniñ gurluşyna akyl ýetirmek ýaly duýgulary özüniñ şygyrlarynyñ içinden eriş-argaç edip ussatlyk bilen geçirýär.

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziñ Gahryman Arkadagymyzyñ taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyñ arzuwlan ajap eýýamy geldi maksatlarymyz myradyna gowuşdy. Bu bolsa VXIII asyrda ýaşan görnükli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyñ arzuwlarynyñ, öwüt-ündewleriniñ Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyñ Arkadagly Serdarymyzyñ taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýandygynyñ aýdyñ subutnamasydyr.

Jemal GORGANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň
ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň
IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok