Suwy tygşytly peýdalanmak boýunça täze taslamalar işe girizilýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistanyň suw hojalygy pudagynda ilkinji tehniki kömek taslamasyny işe girizer. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berdi.

Häzirki wagtda ýer ýüzünde agyz suwuny tygşytly ulanmaklyk adamzadyň geljegi üçin iň wajyp meseleleriň biri bolmagynda galýar. Bu bolsa senagatda, halk hojalygynda we oba hojalygynda ony tygşytlamak boýunça täze usullaryň oýlanylyp tapylmagyna getirýär.

Taslamanyň çäginde ýerli gidrotehniki usullar öwreniler we damjalaýyn suwarmak, emeli ýagyş ýagdyryp suwarmak hem-de sepmek usuly ýaly innowasiýalar giriziler.

Bu taslamanyň amaly bölegi ýurduň demirgazyk-günbatar sebitleriniň birinde geçirilip, bu ýerde suw ölçeýji abzallar gurnalar, oba hojalygyndaky suwaryş torlarynyň gidroelektrik desgalary kämilleşdiriler, meteorologiýa stansiýasy dörediler we suwaryş boýunça okuwlar geçiriler.

Tehniki kömek taslamasynyň daşky gurşaw bölegi ýerüsti ekosistemalary we landşaftlary goramaga gönükdürilendir. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri ýylyň ahyryna çenli taýýar ediljek synag taslamasynyň döredilýändigini habar berdiler.

Bir ýyllyk uly bolmadyk taslama boýunça tebigaty peýdalanmakda ekologiýa taýdan arassa tejribäni durmuşa geçirmek we oba hojalygynyň önümçiliginiň durnuklylygyny we uýgunlaşmagyny üpjün etmekde institusional mümkinçilikleri güýçlendirmek maksady bilen uzak möhletli taslama başlamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu taslama ýurdy agrosenagat pudagynda zyňyndylary aradan aýyrmak boýunça başlangyja ýakynlaşdyrmagy maksat edinýär.

Akmyrat BEGENJOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok