Pul birligi barada

Kagyz pullar adyna seretmezden kagyz ýüzüne asla çap edilmeýär. 100% pagtadan ybarat ýörite işlenilip düzülen çydamly materialdan ýasalan. “Köpük(1 köpük)” Iwan V döwründe ýüze çykypdyr. Şol döwürdäki köpük birliginiň ýüzünde eli naýzaly şazadanyň şekili şekillendirilipdir.

Meksikanyň baý adamlary gadymy döwürlerde pul hökmünde kakao dänelerinden peýdalanypdyrlar. Haçanda olar pullary galplaşdyrmak islänlerinde boş kakao gabygynyň içine palçyk salypdyrlar. Ejesi bilen söwda etmäne gidýän iki-üç ýaşly çaga islendik önümiň pul bilen satyn alynýandygyna düşünýär.

Ilkinji teňňeler b.e öň VI asyrda häzirki Türkiýäniň çäginde ýasalypdyr. Olar altyn-kümüş, elektrum garyndysyndan ýasaldy. Ilkinji teňňeler gymmat metallardan ýasaldy we kezzaplar olaryň gyralaryny kesip başladylar we şeýlelik bilen olaryň bahasy peselip başlady. Adam şekilli bolan teňňeler Aleksandr Makedonskiniň döwründe neşir edilip başlady.

Miladydan öňki 44-nji ýyla çenli şaý pullarda diňe ölen patyşalaryň şekilleri ulanylýardy. Portreti ömründe teňňede peýda bolan ilkinji imperator Ýuliý Sezar bolupdyr. Ol uruşda ýeňenden soň bu hormata eýe boldy.

Dünýädäki ilkinji banklar dini guramalardy. Adamlar pul we däne, metallary şol ýerde saklaýardylar. Iňlis alymy Isaak Nýuton kellesine tegelek alma gaçanlygy üçin ýeriň dartyş güýjüniň kanunyny açdy we teňňeleriň gyralaryny tegelek etmegi teklip etdi. Şondan soň teňňeler şu wagtky görnüşini aldy.

Tahyr ABDULLAÝEW,
Türkmen oba hojalyk

institutynyň Agroekalogiýa
hünäriniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok