Garaşsyzlyk toýy dillerde dessan!

Berkarar Watanymyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň goýnunda mähriban halkymyz bagtyýar, ýurdumyz abadan!

Eziz Diýarymyza baş baýramymyz – beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramy ýetip gelýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň her bir gününi toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslenýär. Mälim bolşy ýaly, 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň köňül arzuwy wysal boldy. Garaşsyzlyk – biziň buýsanjymyz hem şöhratymyz, ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji. Garaşsyzlyk – tutuş türkmen halkynyň bagtynyň çüwmesi, nurana geljegimiziň buşlukçysy.

Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanyňda, döwlet ähmiýetli ençeme işleriň durmuşa geçirilendigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şonuň üçin hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň kalplara nur çaýýan ýalkymy, onuň şanly toýy türkmen durmuşynda möhüm wakadyr.

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe baky bagtyýarlygyň gujagynda ýaşaýan mähriban watandaşlarymyzyň ýüregi Milli Liderimize, Hormatly Prezidentimize bolan alkyşly sözlerden püre-pür. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyz eziz ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýär.

Gahryman Arkadagymyzyň: “Eziz Watanymyzyň – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli gujur gaýratymyzy gaýgyrman yhlas edeliň! Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» diýen parasatly sözleri bizi täze üstünliklere atarýar, ýeňişli menzillere ruhlandyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar eziz halkymyzyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup kalplara ornaýar. Şanly toýumyzyň belleniljek günlerinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş–medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesi dabaraly açylar we ulanylmaga berler.

Türkmenistan ýurdumyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi, halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy babatda uly işleri alyp barýan Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok