Duşenbe şäherindäki halkara foruma türkmen rektorlary hem gatnaşdy

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde, Täjik milli uniwersitetinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky rektorlaryň ikinji forumy geçirildi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda rektorlaryň ikinji forumy Duşanbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilýär.

Duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň bilim ministrleri Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdy.

Biziň ýurdumyzdan hem bu foruma Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdy.

Duşuşygyň ahyrynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasynda ylym bilim we pedagogiki gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe şertnama ylalaşykly gol çekildi. Bu bolsa ýurdumyzda daşary ýurt hyzmatdaşlygynyň ösýänliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk instituty
Agronomçylyk fakultetiniň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok