Bilim ösüşleriň açarydyr

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän maksatnamalar öňe sürülýär. Watansöýüji, halal, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän ylym-bilim babatdaky resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär.

Bilim — kämillige barýan ýoldur, şol ýolda gazanylýan ähli üstünlikler bolsa, bagtyýarlygyň gözbaşy hasaplanylýar. Munuň şeýledigine Milli Liderimiziň «Bilim bagtyýarlyk, ruhubelentlik we rowaçlyk» atly kitabynda: «Gün bolmasa nur, kök bolmasa daragt, ylym we bilim bolmasa bagtyýarlyk bolmaz» diýip, belläp geçmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ylma-bilime uly sarpa goýulýan ata Watanymyzda her bir okuwçynyň, her bir talybyň durmuşynda ylym-bilim dünýäsiniň gapysyny giňden açmaga ägirt uly mümkinçilikler bar. Bilim ýolunda kämillige tarap ymtylýan nesiller bilim almak, ylym öwrenmek bilen ata-eneleriniň, il-günüň, mukaddes Watanymyzyň öňündäki belent borçlaryny akylly-paýhasly, öz zehin-ukybyny ýerlikli peýdalanyp bilýän perzentler hökmünde ýerine ýetirýärler.

Berkarar Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösüşleriň belent sepgitlerine ýetiren, biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, ylym bilen meşgullanmaga döreden giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri has-da rowaç alsyn!

Leýli ÖWEZDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok