Arkadag şäheri — milli binagärligiň merjeni

Mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzyň binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

«Arkadag» adyny alan täze şäheriň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlandygyny, onuň çäginde saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalarda iň kämil innowasion lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny bellemek ýakymlydyr.

Arkadag şäheriniň 1-nji tapgyrynyň açylmagy bilen döwrebap merkezde ýaşamak, zähmet çekmek bagtyna eýe bolan raýatlar, işgärler, şeýle uly bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlaryny aýdýarlar. Halal zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler, şertler bagtyýar halkymyzy ruhlandyryp, işe bolan höwesini has-da artdyrýar.

Berkarar Watanymyzy bagtyýar ýaşlygyň, ruhubelentligiň mekanyna öwren, halkymyzy asuda, erkana durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir. Goý, gözel diýarymyz bedew batly ösüşleriň ýolunda mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Guwanç BAÝJAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok