Ýolum abat — ilim abat

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk şanly ýylymyzda hem üstünliklere beslenýär.

Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy bilen, şahsy hojalyklarda ulanylýan awtoulaglaryň sany barha artýar. Şonuň üçin sürüjiler-de, pyýadalar-da ýol hereketiniň düzgünlerini hem-de kadalaryny doly we dogry bilmelidirler. Ýollarda awtoulaglaryň sanynyň köpelmegi, ulag gatnawlarynyň artmagy olaryň has-da ünsli bolmagyny talap edýär. Bu bolsa ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin her bir ildeşimiziň, ýol-ulag hereketine gatnaşyjynyň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegi örän wajypdyr.

Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan biraýlygyň sentýabr aýynyň 1-inde başlanmagy ýönelige däldir. Sebäbi şol şanly senede täze okuw ýyly başlanýar, körpeleriň, çagalaryň müňlerçesi ak mekdeplere, bilim-terbiýeçilik ojaklaryna gadam basýar. Bu bolsa, ýaş nesle mekdebe gatnanda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine eýermegini borçly edýär. Biraýlygyň dowamynda bu ugurdan berilýän düşünjeler çagalaryň maşgalada ata-eneler tarapyndan berilýän düşünjeleriniň üstüni ýetirýär we baýlaşdyrýar.

Bagtyýar ildeşlerimiziň ömürleriniň rahatlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky beýik başlangyjyny dowam etdirip, biraýlygyň çäreleriniň netijeli bolmagy ugrunda uly tagalla edýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Abdyreşit ATABAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok