PLASTILIN BARADA

Plastilin – bu çagalar tarapyndan söýlüp oýnalýan meşhur maddadyr. “Plastilin” sözi gadymy grek “plastos” sözünden gelip çykyp, türkmençede “eplenýän, büklenýän” diýmekligi aňladýar. Plastilinden diňe bir çagalar peýdalanman, eýsem heýkeltaraşlar hem dürli hili şekiller ýasaýarlar.

Plastilin palçyga garanda guramaklyga durnuklydyr. Öňki wagtlarda guramaklyga päsgelçilik döreder ýaly toýun owuntyklaryna haýwan ýaglary ýa-da tüýleri garylyp plastilin ýasalypdyr. Häzirki zaman plastilinleri ýokary tehnolologiki materiallaryň esasynda dürli reňklerde ýasalýar.

Ylymda plastiliniň döreýşi barada dürlüçe maglumatlar bar. Ilkinji plastilini 1880-nji ýylda nemes farmasewti Frans Kolb ýasapdyr. Onuň ýasan plastilinleri uly meşhurlyk gazanýar we önümçilige tiz ornaşdyrylýar.

Başga maglumatlara görä plastilini ilkinji bolup, iňlis mugallymy Uilýam Herbatt döredipdir. Ol hek, wazelin we stearin garyndysyndan plastilin ýasapdyr. Herbatt bu ýasan plastilinini talyplara paýlapdyr. Soňra köp ata-eneler bu plastilini çagalary üçin alypdyrlar. Herbattyň ýasan plastilini zyýansyz we ekologik taýdan arassa bolupdyr.

Plastilini ilkinji bolup döredijiler hökmünde Kolbyň hem Herbattyň hem adyny agzamak bolýar. Sebäbi olaryň her biri plastilini özüçe dürli usulda ýasaýar. Plastilinden ýönekeý çaga oýunjagyndan başlap, uly ýadygärlik hem döretmek mümkin.

Söýli HALMURADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak
(oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok