GUNDUZ – TÄSIN JANDAR

Gunduz dünýä boýunça hasaba alnanda bedeniniň iriligi boýunça kapibara jandaryndan soň ikinji ýerde durýan uly gemrijidir. Häzirki döwürde ýer ýüzünde gunduzlar (latynça, Castoridae) maşgalasyna degişli bolan 2 görnüş, ýagny, adaty gunduz (latynça, Castor fiber) we kanada gunduzy (latynça, Castor Canadensis) giňden ýaýrandyr.

Gunduzyň bedeniniň uzynlygy 1-1.3 metre, agramy 30-32 kilograma çenli ýetip bilýär. Urkaçy osoblarynyň bedeni erkeginiňkä garanda birneme ulurak bolýar. Gysga we 5 sany barmaklary bolan aýaklarynda suwda ýüzmäge ýardam edýän perdeleri bolýar. Gunduzyň kelle böleginde gabaklary durudyr, bu hem bolsa oňa suwuň aşagynda oňat ýüzmäge kömek edýär. Suwda 15 minudyň dowamynda ýüzlerçe metr aralygy geçip bilýär. Gunduz hapa suwda-da gowy ýüzüşi amala aşyrýar. Bu jandaryň gözleri kiçijik, gulaklary bolsa giňdir. Onuň eşidiş ukyby güýçli we öýkeni uludyr. Gunduzyň bedeniniň açyk goňur reňkden gara reňke çenli üýtgeýän owadan tüý örtügi bar. Ýabany tebigatda bu gemriji ortaça 14-17 ýyl töweregi ýaşamaga ukyplydyr. Gunduzlaryň ölüminiň köp böleginiň esasy sebäbi hem olaryň agaçlardan ýykylmaklygydyr. Guýrugynda saklanýan ummasyz ýag ätiýaçlygy aýazly gyşy üstünden ýeňil geçirmäge şert döredýär.

Gunduz köplenç tokaýlarda kölleriň ýa-da derýalaryň ýakalarynda ýaşaýar. Özüne iki görnüşli ýaşaýyş jaý edinýär: gury çöp çalamlardan gurýar ýa-da ýerde hin gazýar. Bu jandar kenarýakalardaky agaçlaryň şahalary, gabyklary we ýaşajyk otlar bilen iýmitlenýär.

Gadymda katolik buthanasynyň wekilleri guýrugynda teňňeleriniň bolanlygy, suwda gowy ýüzýänligi we etiniň balyga meňzeş tagam berýändigi sebäpli gunduzy balyklara degişli hasaplapdyrlar. Emma ylymda gunduz gemriji süýdemdiriji jandara degişli edilýär. Gunduz suwda ýaşasa-da balyk iýmeýär.

Guwanç GÖLBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok